Italiýanyň howa menzilleri

Italiýada hereket edýän 62 sany howa menzili bar. AVIAV TM (Cofrance SARL) araçy kompaniýasynyň alyp barýan işleri arkaly hususy uçaryny islendik howa menzilinden hem kireýine almak mümkin. Daşary ýurt  gatnawlary diňe, halkara derejesine eýe bolan üç sany howa menzillerinde ýola goýulan.

AVIAV TM (Cofrance SARL) kompaniýasynyň müşderileriniň köpüsi, howa menzilininiň ol ýa-da bu görnüşini saýlamakda, onuň aýratynlygynyň we bähbitli taraplarynyň bar ýogy bilen gyzyklanýarlar. Korporatiw müşderileri üçin onuň bähbitli taraplary bar. Kiçi howa menzilinde adatça bahalary hem arzan bolýar, we eger-de siz, serişdeleriňizi tygşytlamak isleseňiz, howa menziliniň şular ýaly görnüşi siziň üçin makul bolýar. “Kofrans” kompaniýasy, ýerleşýän ýerine garamazdan Italiýanyň gerekli bolan islendik howa çatrygyna çenli ulagda eltmegi hem gurnaýar.

Paýtagtda ýerleşýän howa menzili

Bu makalada biz Italiýanyň uly howa menzillerine göz aýlarys. Beýik Leonardo da Winçiniň adyny göterýän howa menzili, paýtagtda ýerleşýän esasy uly howa menzili bolup durýar. Ol Rim şäherinden otuz kilomert uzaklykda, Fýumiçino ilatly nokadynda ýerleşýär. Bir ýylyň dowamynda onuň myhmansöýer gapysyndan 36 million ýolagçy geçýär.

Paýtagtda ýerleşýän howa menzili 1961-nji ýylda ulanyşa berilip, mundan beýläk ol has hem giňäp döwrebaplaşdyryldy. Bu gün, bu ýerde dört sany uçuş-gonuş meýdançasy bar we olaryň her birisiniň uzynlygy 3900 metrdan ybarat bolup durýar. Bu howa menzili, ähli döwrebap ýolagçy howa gämileriniň görnüşlerinden başlap, uly ýük howa gämilerini hem kabul etmäge mümkinçiligi bar. Terminallaryň her birisinde syýahatçylar üçin ähli döwrebap oňaýlyklary döredilen. Howa menziline elektriçkada, metroda, awtobusda ýa-da takside baryp bilersiňiz.

Rim şäherinde ýerleşýän howa menzilinden has köp gatnawlary amala aşyrylýar. Ýewropanyň beýleki şäherleri bilen has gowy aragatnaşyk ýola goýulan. Ägirt uly gatnawlar geografiýasy bar. Aziýa ýurtlaryna hem köp gatnawlary ýola goýulan. Rusýa barada aýtsak, Moskwa, Sankt-Peterburg, Ýekaterinburg we Kaliningrad ýaly şäherlerine hemişelik gatnawlary amala aşyrylýar. Afrika, Demirgazyk we Günorta Amerika ýurtlaryna hem birnäçe, münüp-düşmesiz gatnawlary ýola goýulan.

“Leonardo da Winçi” howa menzilinden hususy uçarlary yzygider ýol alýarlar. Adatça olary, göni aragatnaşygy ýola goýulmadyk ugurlar boýunça münüp-düşmesiz uçmak üçin, iri jemgyýetçilik wekilleri ýa-da guramalary sargyt edýärler. AVIAV TM (Cofrance SARL) kompaniýasy köplenç Rusýanyň şäherlerine, ekzotiki adalara ýa-da ABŞ-yň, Kanadanyň, Braziliýanyň, Meksikanyň, Perunyň, Argentinanyň dürli nokatlaryna gatnawlary amala aşyrýar.

Milan-Malpensa

Ululygy we ýolagçylar akymy boýunça ikinji orunda duran, Italiýanyň bu howa menzili Milan şäherinden 45 kilometr uzaklykda, Wareze şäherinde ýerleşip “Malpensa” adyny göterýär. Bir ýylyň dowamynda howa menzilinden 18 million syýahatçylary geçýär. Bu ýerde iki sany uzyn uçuş-gonuş zolagy bar. Bu zolagyň kömegi bilen, howa çatrygynyň uçarlaryň ähli görnüşlerini kabul etmäge mümkinçiligi bar.

Ýolagçylar üçin standart rahatlyklary göz öňüne tutulan: ýolagçylar üçin salgytdan boşadylan söwda zolagy, ýokary oňaýlygy bolan garaşylýan zallary, ene we çaga üçin otag, lukmançylyk kömeginiň nokady, restoranlar we kafeler, alyş-çalyş nokady, bank bölümi, internet hyzmatlary, giňiş maşyn duralgasy. Iki terminalyň arasynda şattllar bar. Milana çenli awtobusda, takside ýa-da otlyda bir sagat wagtyňyzy sarp edip, baryp bilersiňiz.

Milan howa menzilinden amala aşyrylýan gatnawlaryň geografiýasy gaty uly. Gatnawlaryň üçden bir bölegi halkara gatnawlarynyň paýyna düşýär, esasan hem Ýewropa we Aziýa ýurtlaryna. Afrika ýyrtlaryna hem uçarlaryň köpüsi gatnawy amala aşyrýarlar, Alžire we uzakda ýerleşýän Mawriki hem gatnaw ýola goýulan.

Demirgazyk we Günorta Amerika ýurtlaryna hem gatnaw ýola goýulan, emma olaryň sany az, we gatnawlary uzak aralyga uçýan uçarlary we abraýly awiakompaniýalary amala aşyrýarlar. Gatnawlar ýola goýulmadyk ugurlar boýunça AVIAV TM (Cofrance SARL) araçy kompaniýasy hususy jetleri bilen üpjün edýär. Gatnawyň bron edilmesi, oňaýly bolan internet arkaly bron etmek ulgamynyň kömegi bilen amala aşyrylýar.

Milan – Enriko Forlanini

Ýene-de ähmiýetli howa menzilleriniň biri hasaplanýan bu howa menzili Milan şäheriniň serhedinde ýerleşýär we onuň ady meşhur awiasiýaçysy Enriko Forlanininiň hormatyna dakylan. Bir ýylyň dowamynda bu howa menzilinden 9 million adam geçýär. Bu ýerde üç gatdan ybarat bolan terminalyň bir binasy bar. Onda ýolagçylar üçin ähli zerur bolan hyzmatlary göz öňüne tutulan. Şäheriň merkezine çenli awtobusda ýa-da takside barmak oňaýly bolýar.

Bu ýerden gatnawlar diňe Ýewropa ýurtlaryna ýa-da Italiýanyň öz içinde amala aşyrylýar. Hususy uçaryny AVIAV TM (Cofrance SARL) araçy kompaniýasynda kireýine almak oňaýly bolýar.  Uçuş – gonuş zolagynyň ölçegi Rusýanyň ýa-da Aziýanyň has uzakda ýerleşýän şäherlerine hem gatnawlary amala aşyrmaga mümkinçilik berýär.

Bergamo we Wenesiýa

Ulylygy we ýolagçylar akymy boýunça dördünji ýeri eýeleýän bu howa menzili Bergamonyň golaýynda we Milan şäherinden 45 kilometrde ýerleşýär. Bu howa menzili hem halkara derejesine eýe bolup, Ýewropa ýurtlaryna we Italiýanyň öz içinde gatnawlar amala aşyrylýar. Bu ýere awtobusda ýa-da elektriçkada baryp bolýar.

Ulylygy we ýolagçylar akymy boýunça bäşinji ýerde duran bu howa menzili Wenesiýa şäheriniň 15 kilometr uzaklygynda ýerleşýär we meşhur syýahatçy Marko Polonyň adyny göterýär. Bu ýere, Ýewropanyň köp ýurtlaryndan,  şäheriň gözelligini synlamak isleýän syýahatçylary gelýärler. Howa menzili uly meýdany eýeleýär, emma ýekeje bir terminal hyzmat edýär. Bu ýerde: elgoşuny gaplamak, kafe we restoranlar, gümrük haksyz dükanlary, dynç alyş zolagy, “Taks-Fri” nokady, biznes-klas syýahatçylary üçin garaşylýan zallar, oýun otagy, lukmançylyk nokady, ulag duralgasy ýaly ýolagçylar üçin ähli zerur bolan hyzmatlary göz öňüne tutulan.

Howa menzilinden şähere çenli awtobusda gideniňiz aňsat bolýar. Isleg bildiren ýagdaýyňyzda suw taksisiniň hyzmatlaryndan peýdalanyp bilersiňiz we howa menzilinden çykan badyňyza siziň şehere gezelenç etmegiňiz başlanar. “Marko Polo” howa menzili AVIAV TM (Cofrance SARL) kompaniýasynyň müşderileriniň uly meşhurlygyndan peýdalanýar: gurply we ýokary wezipeli syýahatçylary Wenesiýa şäherine hususy uçarlarynda gelýärler.

Rusýadan Italiýa nähili barmaly

Rusýadan Italiýa göni gatnawlary, onuň birnäçe howa menzilleri kabul edýär. Rim şäherine Moskwanyň “Aeroflot” howa gämisiniň ganatynda ýa-da Sankt-Peterburgdan “Pobedanyň” bortunda gelip bilersiňiz. “Ural howaýollary” bolsa sizi Ýekaterinburgdan we Kaliningraddan aman-sag getirýär.

Eger-de siz Wenesiýa gitmäge isleg bildirseňiz, Moskwanyň “Şeremetýewo” howa menzilinden “Aeroflot” bular ýaly mümkinçiligi berýär. Mundan başga-da “Aeroflot” Werona pasyllaýyn gatnawlary amala aşyrýar. Bu ýere Domodedowo howa menzilinden S7 Airlines uçarlary hem gatnawlary amala aşyrýarlar. Bolonýu gitmek isleýän ýolagçylaryň hem bagty gelipdir, sebäbi bu ýere hem ýolagçylary, ýetişikli “Aeroflot” gatnadýar.

Has seýrek gatnawlary “Ýakutiýa” we Orenair awiakompaniýasy teklip edýärler. Olar Krasnodar we Çelýabinsk şäherlerinden Rimini şäherine gatnawlary gurnaýarlar. Bu ýere “Ural howaýollarynyň” uçarlary hem gatnaýarlar, eger-de siz Genuýu barmak isleseňiz, bular ýaly mümkinçiligi bilen Domodedowo howa menzilinden S7 uçary üpjün edýär.

Milanda ýerleşýän “Malpensa” howa menzili rus syýahatçylarynyň arasynda uly meşhurlykdan peýdalanýar, şonuň üçin bu ýere Moskwa şäherinden AirBridgeCargo, Alitalia we “Aeroflotyň” ganatanda ýa-da Sankt-Peterburg şäherinden – “Rusýa”sada uçarynda barmak aňsat bolýar.

AVIAV TM (Cofrance SARL) kompaniýasynyň hyzmatlaryndan peýdalanyp, Rusýanyň halkara derejesine eýe bolan howa menzillerinden, Italiýa gerekli ugur boýunça hususy uçary kireýine almak mümkin. Kompaniýamyzyň iş dolandyrjysy siziň üçin iň amatly we oňaýly boljak görnüşini teklip edýär.

Italiýanyň howa menzillerine gelsek, AVIAV TM (Cofrance SARL) kompaniýasy Albeng, Algero, Ankon, Aosta, Aziago, Awiano, Bari, Bergamo, Býella, Bolonýa, Bolsano, Breşa, Brindiz, Kataniýa, Katandzaro, Krotone, Kuneo, Deçimomann, Elba adalary, Florensiýa, Forli, Genuýa, Grosseto, Leçç, Kapannori, Milana-Linate, Milana-Malpensa, Neapol, Olbiýa-Kosta Smeralda, Paduýa, Palermo, Pantelleriýa, Parma, Periji, Pekara, Piza, Fýumiçino, Rejo-di-Kalabriýa, Rejo-Emiliýa, Rimina, Çampino, Salerno, Siena, Trewizo, Triesta, Turin, Wenesiýa, Werona ýaly şäherlerinden gatnawlary amala aşyrýar.

Biziň saýtmyzda öz islegiňizi beýan ediň, we bellenen wagtda sizi uçar bilen üpjün edýäris!

Related Posts