Italiýada dikuçary sargyt etmek

Italiýada dikuçarlar –  howa gämisiniň elýeter we meşhur görnüşi bolup durýar. Ýewropanyň beýleki ýurtlarynda hem bolşy ýaly, golaýda ýerleşýän ilatly nokadyna çalt barmaga zerurçylyk ýüze çykan ýagdaýynda, dikuçary köplenç “howa taksisi”hökmünde ulanýarlar.

Italiýada dikuçary sargyt etmek ulag sargyt edişiň ýaly aňsat bolýar. Howa gämisini AVIAV TM (Cofrance SARL) araçy kompaniýasynyň internet sahypasyndada özbaşdak bron edip bilersiňiz ýa-da talapnama bilen iş dolandyryjymyza ýüz tutup bilersiňiz. Ähli resmiçilikleri üçin jemi bäş minut wagt sarp edýärsiňiz we mundan soňra syýahatyňyza taýýarlyk görüp bilersiňiz.

Dikuçaryň bähbitli taraplary

  1. Dikuçar 250-300 km/s tizligi bilen uçýar.
  2. Dikuçar dyknyşyklarda ýa-da ýolyşykda durmaýar, daglary we derýalary  ýa – da öwrümli ýollary göni, gysga ýoly bilen uçýar .
  3. Italiýada dikuçaryň kireýine almak uçary kireýine alanyňdan has arzan bolýar, şertnama baglaşmak düzgüni hem has aňsat bolýar.
  4. Dikuçara, uçardan tapawutlylykda uçuş – gonuş meýdançasy zerur däl, kiçiräk ýörite meýdança ýeterlik bolýar.
  5. Dikuçar barmasy kyn bolan ýerlere hem uçmaga taýýar, daglar, açyk meýdanlar, jaýyň depesi, gäminiň üsti, suwly ýerler, gar örtükli ýaly gonmasy kyn bolan ýerlerinde hem, ýörite enjamynyň bar bolan ýagdaýynda gonup bilýär.
  6. Awtoulaga garanyňda dikuçara köp elgoşuny alyp bolýar.
  7. Dikuçarda syýahat etmek – munuň özi bir täsin we aýdyň duýgy. Ýolagçylar ajaýyp duýgylary başdan geçirip, panorama görnüşlerini syn etmek mümkinçiligine bolýarlar.
Читайте также:  Italiýada lukmançylyk gatnawlaryny sargyt etmegiň düzgünleri

Italiýada dikuçary sargyt etmegiň düzgünleri

Italiýada dikuçary sargyt etmek üçin biziň saýtymyzda talapnama bildirmek we şu maglumatlary habar bermek ýeterlik bolýar: 

  • Gatnawyň ugry,
  • Gatnawyň maksady,
  • Gatnawyň wagty we senesi,
  • Ýolagçylaryň sany,
  • Isleg bildiren ýagdaýyňyzda dikuçaryň kysymyny,
  • Elgoşunuň takmynan göwrümi we agramy,
  • Gatnawa bildiren islegleriňiz
  • Gerekli bolan goşmaça hyzmatlary,
  • Aragatnaşyk maglumatlary.

Kompaniýamyzyň jogapkär işgäri dessine gatnawyň bahasyny hasaplaýar we buýurmany tassyklamak üçin siziň bilen habarlaşýar. Bellenen wagtda howa gämisi size garaşýar!

Isleg bildiren ýagdaýyňyzda goşmaça hyzmatlaryny saýlap we AVIAV TM (Cofrance SARL) kompaniýasyna sargyt edip bilersiňiz. Dikuçara çenli ulagy, gid hyzmatlary, dikuçaryň bortunda içgiler we günortanlyk nahary (uzak aralyga bolan gatnawlary üçin), myhmanhana bron etmek, konsýerž-hyzmatlary ýaly hyzmatlary sargap bilersiňiz, – özüňize gerekli bolan hyzmatlary kesgitläň we siziň “gulp astyndaky” syýahatyňyz taýýar bolýar.

AVIAV TM (Cofrance SARL)  kompaniýasyna dikuçar sargyt etmegiň maksatlary

AVIAV TM (Cofrance SARL) kompaniýasynyň ygtyýarynda Robinson, Mi, Airbus Eurocopter, Вell, Sikorsky ýaly dünýäniň meşhur öndürijileriň dürli toplumy bolan dikuçarlary bar. Müşderiniň özi rahatlyk derejesini saýlaýar we serişdelerine laýyklykda we islegine görä dikuçaryň görnüşini saýlaýar. Biz ähli durmuş ýagdaýlarynda hem dikuçar bilen üpjün etmäge taýýar, hususanda:

  • Ýewropanyň başga şäherine uçmakda,
  • Şahsy we iş syýahatlarynda,
  • Synlamak gezelençleri üçin,
  • Italiýanyň içindäki gatnalar üçin,
  • Gözleg – halas ediş işlerinde,
  • Lukmançylyk daşamalarynda,
  • Ýükleri eltmekde,
  • Asmanda baýramçylyk çärelerini geçirmekde,
  • Kosmos radiasiýasyny öwrenmekde,
  • Ýangyn söndürmekde,
  • Gepleşikleri ýazga geçirileninde,
  • Mahabat işleri alnyp barylanynda,
  • Meýdana gözegçilik edileninde,
  • Türgenleşik uçuşlarda, paraşýutdan bökmekde,
  • Pestisid we gerbisidlary tozatmakda,
  • Gurluşyk işleri geçirilende,
  • Ylmy gözlegler geçirileninde,
  • Başga – da peýdaly maksatlarda.
Читайте также:  Italiýada uçar ýa-da dikuçar satyn almak

Siziň meseleleriňizi çözmekde dikuçaryň nähili görnüşiniň gereklidigini bilýän bolsaňyz, AVIAV TM (Cofrance SARL) kompaniýasynyň iş dolandyryjysy size makul görnüşini teklip edýär. Ýöriteleşdirilen (lukmançylyk ýa-da halas ediş) howa gämisini sargyt edeniňizde onuň borty zerur bolan enjamlary we ýany bilen degişli hünärmeni bilen üpjün edilen bolýar.

Elgoşunyň agramynyň hasaplanylmagynyň sebäpleri

Italiýada dikuçary köplenç 500 kilometr aralyga çenli gatnawlary üçin sargyt edýärler. Serişdelerini tygşytlamak maksady bilen, müşderilerimiz, dikuçarlaryň ýeňil görnüşlerini saýlaýarlar. Bu görnüşleri arzan bolýar. Emma, her bir howa gämisiniň görnüşi üçin rugsat edilýän agramy bolýar, we kiçi dikuçary kireýine alan ýagdaýyňuzda onuň bortuna köp ýük ýerleşdirip bolmaýar.

Hut şonuň üçin hem AVIAV TM (Cofrance SARL) kompaniýasy, ýanyňyz bilen almak isleýän ýüküňiziň agramyny öňünden hasaplamagy tutanýerli maslahat berýär. Eger-de ýüküňiz kän bolsa, sygymy uly bolan howa gämisiniň görnüşini kireýine almaly we asuda ýagdaýda çemedanlaryňyzy giňiş goş jaýynda ýerleşdirip bilersiňiz.

Ýükleriň ululygyna hem şu ýagdaýlar degişlidir. Ýükleriňiz agyr bolmazlygy, emma adaty ululygy we uzynlygy hem bolmazlygy mümkin, diýeli lyža, klýuşka we başga-da sport enjamlary. AVIAV TM (Cofrance SARL) kompaniýasynyň iş dolandyryjysyna elgoşuňyzyň göwrümini öňünden habar beriň we howa gämisiniň kysymynyň siziň talaplaryňyza laýyk geljegine arkaýyn bolarsyňyz.

Читайте также:  Italiýadaky dikuçar gezelençleri

Dikuçarda syýahat edeniňzde ýatda saklamaly zadymyz

  1. Uçuşa we uçarmanlara ýolbaşçylyk edýän iş dolandyryjynyň görkezmelerini berjaý ediň.
  2. Gatnaw wagtynda salonuň içinde gezmeli däl, guşaklaryňyzy dakmagy unutmaň.
  3. Dikuçarlaryň köp görnüşlerinde hajathana göz öňüne tutlmadyk we şonuň üçin rahat uçmagyňyzyň öňünden aladasyny ediň.
  4. Deňiz keseli bar bolan ýolagçylara gatnawa gitmezinden ozal derman içmegi makul bolýar, aýratyn hem kiçi dikuçarda syýahat edýän bolsaňyz.
  5. Eger-de uçuşyň dowamynda syýahatçylaryň biri özüni erbet duýan ýagdaýynda apteçkadan peýdalanyp bilersiňiz.
  6. Dikuçaryň bortunda çilim çekmek, alkogolly içgileri içmek, iýip-içmek gadagan edilýär. Diňe baýramçylyk çäreleri geçirileninde we VIP gatnawlary bolan ýagdaýynda rugsat berilýär. Bular ýaly ýagdaýlarda AVIAV TM (Cofrance SARL) kompaniýasynyň iş dolandyryjysy bilen bu meseleleri öňünden jikme-jik maslahatlaşmaly.
  7. Dikuçaryň bortuna suw almaga rugsat berilýär, hatda suwsuzlykdan gaça durmak üçin ýanyňyz bilen almak maslahat berilýär.
  8. Uçarman bilen gürleşmek gadagan, özära hem mümkin boldugyndan sesiňizi beýgeltmäni gürleşeniňiz makul bolýar.
  9. Italiýanyň panorama görnüşini surata almak üçin surata alýan enjamy almak maslahat berilýär.

Syýahatyňyzyň ýakymly bolmagyny arzuw edýäris!

Related Posts