Italiýada uçar ýa-da dikuçar satyn almak

AVIAV TM (Cofrance SARL) araçy kompaniýasy şu aşakda görkezilen ugurlar boýunça hyzmatlaryny teklip edýär: 

  • Uçarlary we dikuçarlary satyn alamak,
  • Howa gämileriniň “noldan”, ýagny ilki başyndan gurmak,
  • Týuning.

Eger-de, siz Italiýada uçar satyn almak, hereket edýän howa gämisininde üýtgeşmeler geçirmek ýa-da ony täzeden gurmak isleseňiz, biz sizi, hyzmatlaryň şu görnüşleri bilen üpjün edýäris:

  • “Açar tabşyrma” şertinde şertnamany baglaşmak,
  • Hukuk hyzmatlary,
  • Maslahat bermek hyzmaty,
  • Her tapgyrda degişli bolan, gerekli hünärmenleriň goldawy bilen üpjün etmek,
  • Täjirçilik menejmenti.

AVIAV TM (Cofrance SARL) kompaniýasy Ýewropada howa gämilerini satmak boýunça 2004-nji ýyldan bäri iş alyp barýar. Bu gün, dünýäniň islendik kontinentinde ýerleşýän uçarlaryna biziň ygtyýarymyz bar, şonuň üçin hem iň seýrek we adaty bolmadyk uçaryň görnüşi bilen üpjün etmäge taýýar. Eger-de, siz Italiýada uçar ýa-da dikuçar satyn almak isleseňiz, ilki bilen hukukçynyň tölegsiz maslahatyndan başlaň, siz jaň edip ýa-da biziň internet sahypamyzda isleg bildirip bilersiňiz,- siz, özüňizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza dessine jogap alarsyňyz.

Biziň iş usulymyz

Tanyşlyk. Ilkinji gepleşikde, siz, howa gämisini satyn almagyňyzyň maksadyny, onuň görnüşini (eger-de göz öňüne tutýan kysymyňyz bar bolsa), býujetiňiziň ýagdaýyny, satyn almak shemaňyzy habar bermeli. Kompaniýamyzyň iş dolandyryjysy şertnamany baglaşmagyň ähli tapgyrlary bilen sizi tanyşdyrýar, uçarlaryň dürli görnüşleriniň bahasynyň soraglary boýunça we bu düzgüniň özi barada maslahat berýär.

Meýilnama. Eger-de siz öz gelen netijäňizi tassyklasaňyz, öňde, dogry çözgüt kabuk edilen ýagdaýynda üstünlikli şertnama baglaşmagyň kepili bolup durýan, meýilleşdirme tapgyry durýar. AVIAV TM (Cofrance SARL) kompaniýasynyň maliýe we awiasiýa ekspertleri, siziň maksatlaryňyz üçin makul boljak, uçaryň dogry kysymyny saýlamaga ýardam ederler. Biz maliýe shemasyny, kreditleri, eýeçiligi, ýazgyda durjak ýerini, ätiýaçlandyrmany, ulanyş boýunça çykdaýjylaryny siziň bilen maslahat ederis. Ahyrynda müşderimizde we biziň özümizde hem howa gämisini saklamagyň we ulanmagyň doly suratlandyrmasy beýanyny tapýar.

Читайте также:  Italiýadaky ýük awiasiýa

Saýlamak we barlagdan gaçirmek. Hususy uçaryň şol bir görnüşiniň käwagt dürli toplumlaşdyrmasy bolýar. Biz dürli howa gämileriniň birnäçe görnüşlerini teklip edýäris, isleg bildiren ýagdaýyňyzda, arasyndan size makul boljagyny saýlamak üçin olaryň ählisini hem görüp bilersiňiz. Mundan beýläk biz howa gämisiniň tehniki taýdan gözegçiligini geçirýäris. Munup üçin biz tejribeli awiainženerlerini çagyrýarys. Netijede, siz geljekde hususy jetiň ýagdaýlary we bar bolan ýagdaýynda, mümkin bolan howplar barada maglumat berjek düýpli tehniki seljermesine eýe bolýarsyňyz. Şol bir wagtyň özünde synag uçuşy hem amala aşyrylýar, isleg bildiren ýagdaýynda onuň geljekgi eýesiniň özi hem muňa gatnaşyp bilýär.

Şertnama baglaşmak. Alyjy bilen satyjynyň bir ylalaşyga gelen ýagdaýynda, AVIAV TM (Cofrance SARL) kompaniýasynyň awiasiýa hukukçylary “açar tabşyrma” şertinde şertnamany geçirýärler, resminamalary notariusda tassyklaýarýar, tölegi gözegçilik edýärler, howa gämisini saýlanan ýurdunda hasaba alýarlar, ätiýaçlandyrma taýýarlaýarlar.

Eltip bermek. Mundan beýläk howa gämisini bellenen howa menziline eltýärler. AVIAV TM (Cofrance SARL) kompaniýasy ekipažy kireýine almak barada alada edýär, duralga we hyzmat edýän kompaniýasy bilen bagly meseleleri çözmäge ýardam edýär

Täjirçilik menejmenti. Müşderiniň islegine görä AVIAV TM (Cofrance SARL) kompaniýasy howa gämisini dolandyrmak üçin alýar. Howa menzilinde durmazlygy üçin ony kireýine berip girdeýji alanyňyz we ulanyş üçin çykdaýjylarynyň öwezini dolanyňyz makul bolýar. Hyzmat etmek, saklamak, müşderileri tapmak, uçuşyň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça ähli soraglary biz öz üstümize alýarys.

Dikuçarlar. Dikuçary satyn alanyňyzda hem şular ýaly düzgünleri başdan geçirýärsiňiz. Elbetde, dikuçar satyn alanyňyzda bu has aňsatlaşýar, sebäbi howa gämisiniň gerekli görnüşi Italiýanyň özünde ýa-da oňa golaý Ýewropa ýurdunda ýerleşýär.

Читайте также:  Italiýada lukmançylyk gatnawlaryny sargyt etmegiň düzgünleri

Ýadyňyzda saklamaly zadyňyz

  1. Italiýada hususy uçaryny, azyndan hepde-de iki gezek ulanmagy meýilleşdirýän bolsaňyz satyn almaly. Mundan başga wagty howa gämisini kireýine bermek amatly bolýar, sebäbi ony bir ýerde saklamak, onuň ulanyşyndan gymmata düşýär.
  2. Eýýam birinji ýylda serişdeleriňiziň dörtden hatda üçden bir bölegi howa gämisiniň ulanyşyna sarp edilýär, wagtyň geçmegi bilen howa gämisini saklamak üçin çykdaýjylar has köpeler.
  3. Uçaryň hasaba alynan ýurdy, onuň eýesiniň ýaşaýan ýurdy we howa gämisiniň ýerleşýän ýeri bilen gabat gelmezligi mümkin. AVIAV TM (Cofrance SARL) kompaniýasynyň hünärmenleri, gatnawlaryň meýdanyna we ulanyşyň aýratynlyklaryna baglylykda “hasaba almagyň” amatly görnüşini maslahat berýärler.
  4. Müşderi, AVIAV TM (Cofrance SARL) kompaniýasynyň “gulp astynda” bolan hyzmatlaryndan ýüz döndermäge hukugy bar we şertnama baglaşmagyň islendik tapgyrynda hem öz hünärmenlerini bu işe çekmegi mümkin, emma bu çözgüt müşderi üçin has gymmada düşýär we prosesiň özi hem uzaga çekýär.
  5. Satyn almak prosesi üçin üç aýdan bir ýyla çenli wagty sarp edersiňiz. Munuň üçin müşderi hiç hili güýç sarp etmeýär, sebäbi ähli resmiçiligi AVIAV TM (Cofrance SARL) kompaniýasy öz üstüne alýar, müşderi üçin diňe sabyr etmek galýar!

Uçaryň “ilki başdan” gurluşy

AVIAV TM (Cofrance SARL) kompaniýasy müşderiniň islegine görä “ilki başyndan” täze uçary gurmaga taýýar. Bu diýmek, uçar, müşderiniň ähli isleglerini hasaba almak bilen, onuň şahsy proekti boýunça döredilýär. Munuň üçin awiakonstruktorlary, bezegçileri çagyrylyp, belli öndüriji saýlanylýar.

Bular ýaly görnüşiniň ýeke bir ýetmezçiligi – uzak garaşmak bolup durýar. Bu proses birnäçe ýyl dowam etmegi mümkin. Emma netijede, müşderi öz arzuw edýän uçarynyň ýa-da dikuçarynyň görnüşine eýe bolýar.

Täzemi ýa-da ulanylan

Müşderilerimiziň köpüsi gurmagy däl-de, Italiýada, awiakärhanasynda täze öndürilen, eýýam taýýar bolan hususy uçaryny satyn almagy makul görýärler. Emma, Bombardier, Embraer, Cessna, Dassault Aviation, Gulfstream, Beechcraft ýaly ynamdar öndürijileriň öndürýän howa gämilerininiň hem nobaty gaty uly bolaýar, we bu ýerde hem birnäçe ýyl garaşmaly bolýar.

Читайте также:  Italiýada dikuçary sargyt etmek

Başga-da bir görnüşi – täze howa gämisini alyp satyjydan almak. Bular ýaly ýagdaýda garaşmaly bolmaýarsyňyz, emma uçaryň bahasy hem has gymmat bolýar.

Ulanylan uçarlaryny satyn almak amatly we howpsuz bolýar, gerekli kysymyny bolsa AVIAV TM (Cofrance SARL) kompaniýasynda gözlemäge birnäçe minut ýa-da gün wagt sarp edersiňiz. Emma bular ýaly howa gämisine eýýam kepil geçip bolmaýar, kiçijek bir näsazlyk hem örän gymmat bolup durýar.

Satyn almagyň haýsy görnüşini saýlaňyz-da, AVIAV TM (Cofrance SARL) araçy kompaniýasy Italiýa-da siziň arzuw edýän uçaryňyzy satyn almaga ýardam edýär.

Týuning

Käwagt bolsa müşderi, özüniň näsazlygy bar bolan howa gämisini satmak isleýär. Emma bu gaty uzak düzgün bolup durýar, soňra bolsa ýene täze görnüşini gözlemeli we ony satyn almaly bolýar. Týuning etmek bolsa has aňsat, çalasyn we arzan bolýap.

Italiýada uçarlaryň we dikuçarlaryň týiningi – eýesiniň isleglerine laýyklykda howa gämisini kämilleşdirmek bolup durýar. Üýtgeşmeler tehniki bölegine, ygtybarlygynyň umumy ýokarlandyrylmagyna, salonuň üpjünçiligine, korpusynyň daşky görnüşine degişli bolup durýar. Döwrebap materiallar we işläp taýýarlamalar tutuş uçary üýtgetmäge, hakykatda bolsa ikinji durmuşy sowgat edýär. AVIAV TM (Cofrance SARL) kompaniýasy bu prosesi Ýewropanyň gerekli ýurdunda amala aşyrýar we ýany bilen goşmaça hyzmatlary bilen hem üpjün edýär.

Ýüze çykan islendik soragyňyz boýunça AVIAV TM (Cofrance SARL) kompaniýasynyň gije-gündiziň dowamynda üpjün edilýän hyzmatlar gullugyna ýüz tutup bilersiňiz ýa-da biziň saýtymyzda habar goýup bilersiňiz. Sizi öz müşderilerimiziň hatarynda görmek biziň üçin örän ýakymly!

Related Posts