Italiýada lukmançylyk gatnawlaryny sargyt etmegiň düzgünleri

Italiýada lukmançylyk awiasiýa tutuş ýurt boýunça giňden ulanylýar. Käbir hassahanalaryň özüniň hususy dikuçar meýdançalary bar, olar tiz kömek merkezlerinde we şäher merkezinden uzaklaşdyrylan kiçiräk şäherlerde ýerleşýärler. Gerekli ugur boýunça howa gämisini AVIAV TM (Cofrance SARL) kompaniýasy arkaly sargyt etmek aňsat bolýar. Bu kompaniýa lukmançylyk gatnawlary boýunça 2017-nji ýylda Ýewropada öňdebaryjy diýip hasap edildi.

Sanitar gatnawlarynyň aýratynlyklary

 Biz size, Bombardier, Embraer, Sukhoi Superjet, Pilatus,  Fokker, Saab, Cessna,  Dassault Aviation, Gulfstream, Beechcraft ýaly dünýäniň öňdebaryjy öndürijileriniň uçarlaryny we  Robinson, Airbus Eurocopter, Мi, Вell, Sikorsky ýaly dikuçarlaryň görnüşlerini teklip edýäris. Howa gämileriniň ählisiniň bortunda hem şular ýaly şertler bar:

  • Näsagy hereketsiz ýagdaýynda saklamak üçin krowat,
  • Intensiw terapiýa blogy,
  • Öýkeni emeli usulda dem aldyrýan apparat,
  • Derman içirmek üçin awtomatlaşdyrylan derman dozalaýjy infuzomatlar,
  • Kardiomonitor, pulsoksimetr, defibrillýator,
  • Basyşa,salonyň çyglylygyna gözegçilik edýän ulgamy,
  • Agyr syrkawyň ýaşaýşa bolan ukybyny saklamak üçin gerekli bolan apparatlary.

Bular ýaly gatnaw hökmany suratda lukmanyň-reanimatologyň ýa-da beýleki degişli hünäri bolan hünärmeniň gatnaşmagynda amala aşyrylýar. Howa gämisiniň bortunda sanitar, şepagat uýasy ýa-da näsagyň hossarlarynyň biri bolup biler. Zerurlyk ýüze çykan ýagdaýynda dikuçaryň bortunda ilkinji kömegi bermäge, hatda hirurgiýa operasiýasyny geçirmek üçin hem ähli şertler göz öňüne tutulan.

Читайте также:  Italiýada dikuçary sargyt etmek

“Gulp astynda” bolan syýahatyň gurnalmagy

 AVIAV TM (Cofrance SARL) kompaniýasy “gulp astynda” bolan gatnawy gurnaýar

  • Saýlanan hassahana bilen amatly şertlerde şertnama baglaşmaga ýardam edýäris,
  • Howa menziline çenli we ondan yzyna gelmek üçin lukmançylyk ulagy bilen üpjün edýäris,
  • Hassany, gatnawa ruhy we fiziki taýdan taýýarlaýarys,
  • Sanitar toparynyň hyzmatlary bilen üpjün edýäris,
  • Gatnawa, inçe ugur boýunça lukmanyň näsagyň ýany bilen gitmegini üpjün edýäris,
  • Näsag we onuň ýany bilen bile barýan şahsyýetler üçin resminamalary taýýarlaýarys (wiza, ätiýaçlandyrma, lukmançylyk kartasy),
  • Ýany bilen bile barýan garyndaşlary hakda alada edýäris (iýmit,ýatak jaýy, lukmanyň maslahatlary),
  • Howa gämisiniň iň amatly görnüşini saýlaýarys,
  • Zerurçylygy ýüze çykan ýagdaýynda (uçar+dikuçar) ýaly çylşyrymly gatnawy gurnaýarys,
  • Üstünlikli bejergi alanyndan soňra näsagy saglygy dikeldiş merkezine ýa-da öýüne eltýäris.

Lukmançylyk gatnawlarynyň zerur bolýan wagty

Italiýada lukmançylyk gatnawlary islendik beýleki ýurtlarda hem bolşy ýaly, hemişe gyssagly uçuşy aňlatmaýar. Diňe halas ediş çäreleri geçirileninde we ejir çekenleri heläkçilik zolagyndan çykarmaly bolan ýagdaýynda, howa gämisi gyssagly taýýar edilýär. Beýleki ýagdaýlarda bolsa, hassany we uçary syýahata taýýarlamak üçin, gatnaw ykjam meýilleşdirilýär.

Читайте также:  Italiýada uçar ýa-da dikuçar satyn almak

Kä halatlarda lukmançylyk gatnawlary üçin ýöriteleşdirilen däl-de adaty uçarlary kireýine alýarlar. Göwreli aýal maşgalasy bilen dogruma äkidilen ýa-da täze bäbegi bilen ejesi öýüne dolanýan ýagdaýynda, maýyplar topary saglygy dikeldiş kurortyna gidenine ýa-da ýaşuly adamlar dynç alyşa gideninde şular ýaly gatnaw ýola goýulýar. Bular ýaly ýagdaýlarda  rahat şertleriniň bolmagy we tejribeli lukmanyň gatnaşmagy ýeterlik bolýar. AVIAV TM (Cofrance SARL) kompaniýasy Italiýada size dessine bular ýaly gatnawy gurnaýar.

Kä halatlarda hususy uçarlaryny, jesedi jaýlanyljak ýerine eltmek üçin kireýine alýarlar. . Bular ýaly agyr ýagdaýlarda merhumyň garyndaşlary hiç hili resmiçiligiň aladasyny etmäni, däp-dessurlaryny berjaý edip, asuda ýagdaýda ony soňky ýoluna ugratmak mümkinçiligine eýe bolmaklary üçin resminamalaryň ählisini AVIAV TM (Cofrance SARL) kompaniýasy öz üstüne alýar.

Italiýada lukmançylyk uçarlaryny sargyt etmegiň düzgünleri

Italiýada lukmançylyk uçaryny sargyt etmek isleseňiz, biziň saýtymyzda talapnama beriň, gyssagly ýagdaýlarda bolsa AVIAV TM (Cofrance SARL) kompaniýasynyň iş dolandyryjysynyň özi bilen telefon arkaly habarlaşyp bilersiňiz. Talapnamaňyzda şu maglumatlary görkeziň:

  • Hassanyň ýerleşýän ýerini,
  • Saýlan hassahanaňyzyň salgysyny,
  • Näsagyň ýagdaýyny we onuň keselini,
  • Hassanyň ýany bilen barýan şahslar barada maglumatlary,
  • Degişli hünäri bolan gerekli lukmany
  • Gitmeli wagtyňyzy.
Читайте также:  Italiýadaky ýük awiasiýa

AVIAV TM (Cofrance SARL) iş dolandyryjysy şol wagtyň özünde ýüzlenmäni kabul edip ony işläp taýýarlaýar, gatnawyň hasabyny hasaplaýar, uçuşyň aýratynlyklary barada gürrüň berýär. Uçmaly ugryňyza we aralyga baglylykda howa gämisiniň iň amatly görnüşini teklip edýär

Italiýada lukmançylyk gatnawlarynyň zerurlygy ýüze çykan ýagdaýynda, ony AVIAV TM (Cofrance SARL) başdan ahyryna çenli gurnaýar. Käwagt müşderilerimiz bejergi almak üçin hassahanany saýlamakda kynçylyk çekýärler. Biz size laýyk geljek hassahanany saýlamaga we bejergi almaga şertnama baglaşmak üçin ýardam edýäris. Biziň kompaniýamyz Ýewropanyň ähli klinikalary bilen hyzmatdaşlyk saklaýar, zerurçylygy ýüze çykan ýagadýynda bolsa Demirgazyk Amerika ýurtlarynda ýerleşýän lukmançylyk merkezlerini hem maslahat bermäge taýýar.

Sorag ýüze çykan ýagdaýynda telefon arkaly hem habarlaşyp bilersiňiz ýa-da biziň saýtymyzda öz islegiňizi beýan ediň we size dessine jogap berýärler. AVIAV TM (Cofrance SARL) kompaniýasy Italiýadan dünýäniň islendik nokadyna hem rahat lukmançylyk uçary bilen üpjün edýär.

Related Posts